Öňde goýan maksadymyz

Ýokary hünärmençilik ruhunda hyzmat etmek bilen önümçilige täzeçilligi girizmek hem-de elektrogurnama işlerinde ýokary standartlary üpjün etmek maksady bilen “Güneşli Watan” HJ dürli energotaslamalary kämil derejede berjaý edýär. Bu kompaniýa müşderiler bilen uzak möhletleýin işewürlik gatnaşyklaryny saklamak üçin tagalla edýär.

image

Näme üçin bizi saýlamaly?

Ýurdumyzyň energetika pudagynyň sazlaşykly kämilleşýän döwründe “Güneşli Watan” hojalyk jemgyýeti degişli ulgamda uly maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşýar. Bu kompaniýa bäsdeşlige ukyplylygy, ussatlylygy we ynamdarlygy bilen tapawutlanyp, energetika ugry boýunça ýola goýulýan hyzmatlaryň dürli görnüşlerini ýerine ýetirýär. Energetika pudagynyň köpugurly we çylşyrymly inženerçilik ukyplaryny talap edýändigi sebäpli, bu ugurda durnukly kompaniýalaryň örän seýrekdigi mälimdir. Emma “Güneşli Watan” HJ bu pudakda öz mynasyp ornuny saklap gelýär. 2011-nji ýylda düýbi tutulan kompaniýa az salymyň dowamynda baý tejribe toplady.

Biz barada

Hyzmatlarymyz

image

Elektroenergiýa

“Güneşli Watan” HJ elektroenergiýa ulgamynda dürli görnüşli hyzmatlary ýerine ýetirýär. Olardan enjam üpjün...

Doly oka

Işlerimiz

image
image